NASA onýyllygyň iň güýçli geomagnit tupanynyň sebäbini düşündirdi

  • 20.05.2024 22:15
  • 11k+

Geçen dynç günlerinde biz Ýeri soňky 20 ýylda iň güýçli G5 synply geomagnit tupanynyň gurşap alandygyny habar beripdik. Bu tupanyň emele getiren polýar ýalkymlary planetanyň köp sebitlerinde, esasanam günorta Ýewropada we demirgazyk Hindistanda göründi.

Ýerde şeýle tupan iň soňky gezek 2003-nji ýylda bolupdy.
NASA-nyň gözlegçileri bu seýrek hadysanyň ýüze çykmagyna nämäniň sebäp bolandygyny gürrüň berdiler. NASA-nyň geliofizika boýunça raýat ylymlarynyň ýolbaşçysy Elizabet Makdonaldyň sözlerine görä, "taryhy tupanyň" döremegine birnäçe faktoryň gabat gelmegi sebäp boldy, şol sanda:

  • Maý aýynyň ilkinji doly hepdesinde Günde güýçli alawlaryň we massalaryň koronal zyňylmalarynyň yzygider bir toparynyň ýüze çykmagy;
  • Sagatda 4,8 million km tizlik bilen hereket edýän ýedi sany koronal zyňylmalaryň 10-11-nji maýda Ýere gelip ýetmegi.

NASA hünärmenleri 14-nji maýda Günüň şol bir sebitinde bu Gün aýlawynda görlen iň güýçli alawyň X8.7 intensiwligi bilen ýüze çykandygyny bellediler. Bagtymyza, işjeň sebit ýyldyzyň aňry tarapynda gizlenipdi we ol gözýetimiň çäginde ýüze çykyp, çynlakaý mesele döretmedi.
NASA-nyň gözlegçileri Gün tupanlarynyň Ýere edýän täsirine has gowy düşünmek üçin bu wakany öwrenmegi dowam etdirýärler. Şeýle-de bolsa, deslapky gözlegler tupan bilen baglanyşykly dörän polýar ýalkymlary onuň soňky 500 ýyllyk gözegçilikde iň güýçli tupan bilen deňeşdirilip bilinjekdigini görkezýär.


düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......