Soňky 20 ýylda iň güýçli magnit hadysasy tehnika zyýan ýetirmedi, ýöne asmany dürli reňke boýady

  • 13.05.2024 17:34
  • 21k+

11-nji maýda soňky 20 ýylda iň güýçli magnit hadysasynyň hasaba alnandygyna garamazdan, ol elektrik ulgamlarynyň, aragatnaşyk ulgamlarynyň we hemralaryň işinde düýpli bökdençliklere sebäp bolmady. Bu barada The Associated Press agentligi habar berýär.

ABŞ-nyň Umman we atmosfera gözlegleriniň milli edarasynyň (NOAA) kosmos howasyny çaklama merkezi tebigy hadysa güýçlüligiň ýokary – G5 derejesini berdi. Soňky gezek şeýle güýçdäki magnit tupany Ýerde 2003-nji ýylyň oktýabr aýynda boldy.

11-nji maýda irden SpaceX-iň Starlink hemra internetinde kiçiräk näsazlyklar ýüze çykdy. Ýöne ABŞ-nyň Adatdan daşary ýagdaýlar federasiýasy-da, ýurduň Energetika ministrligi-de haýsydyr bir uly bökdençligiň bolandygy barada habar bermedi.

Şol bir wagtyň özünde, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşaýjylary haýran galdyryjy polýar şöhlelenmeleriniň şaýady boldular: Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Ukrainanyň, Ispaniýanyň, ABŞ-nyň, Awstriýanyň, Çiliniň we beýleki ýurtlaryň asmany benewşe, ýaşyl, sary we gülgüne reňklere boýaldy.

Belläp geçsek, taryhda iň güýçli magnit tupany 1859-njy ýylda bolup geçdi. Häzirki günde ol düýpli netijelere getirip bilerdi, sebäbi şeýle hadysadan ýokary woltly elektrik liniýalary we hemralar zyýan çekerdi. Nawigasion we aragatnaşyk ulgamlarynyň işi bolsa hut şolara baglydyr.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...