14-nji maýda Türkmenistan bilen ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçiriler

  • 11.05.2024 07:50
  • 2.4k+

14-nji maýda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Bu teklibi wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisinde öňe sürdi.

R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Forumyň mowzuklaýyn mejlislerinde ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim we “ýaşyl” energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu ugurda amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Forumyň çäklerinde “2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şol gün DIM-niň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda alyp barýan işleri baradaky sergini guramak meýilleşdirilýär.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......