Aşgabatda Türkmenistanyň halyçylarynyň bäsleşigi geçirildi

  • 15.03.2024 16:36
  • 4.5k+

Aşgabatda Türkmenistanyň halyçylarynyň arasynda “Zenan kalby bilen döredilen gözellik” atly bäsleşik geçirildi. Bu ýyl ol beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär.

Emin agzalaryna baha bermek üçin 100-e golaý bezeg, peýzaž we portret halylary hödürlendi. Olaryň ululygy 0,5 – 6 inedördül metr aralygynda üýtgeýär. Bäsleşige gatnaşyjylar diňe bir öz halylaryny görkezmän, eýsem olaryň önümçilik usullary barada hem gürrüň berdiler, sebäbi Türkmenistanyň bäş welaýatynyň her birinde haly dokamagyň öz inçelikleri we aýratynlyklary bar.
Şu ýyl bäsleşik “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçirildi, şonuň üçin köp halylarda şygara laýyk nyşanlary ýa-da şahyryň öz keşbini görmek bolýar.
Bäsleşige aýratyn halyçylardan başga-da, sebitlerden çeper haly önümçilik kärhanalary-da gatnaşdy.
Şu ýyl iň gowulary diýip Laçyn Rozyýewanyň (Lebap welaýaty) we Baýramgül Sahyýewanyň (Aşgabat) halylary saýlandy. Ýeňijiler gymmatly baýraklar we diplomlar bilen sylaglandy.
Bäsleşik elde haly dokamak sungatyny ýaýratmak we onuň iň gowy däplerini saklap galmak maksady bilen geçirilýär.


şu gün 00:03
1.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....