Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

  • 12.03.2024 08:37
  • 7.9k+

11-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň çäklerinde ýerlerde tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri geçirilýär. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak ähli tehnikalary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer 16-njy martda ýurdumyzda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagy üçin möhüm möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan işleriň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin degişli taýýarlyk işleriniň geçirilmegini, ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......