Aşgabatda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň duşuşygy geçirildi

  • 05.03.2024 08:51
  • 3.8k+

4-nji martda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid öz çykyşynda häzirki döwrüň ekologik wehimlerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän häzirki duşuşygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw diplomatiýasyny ösdürmek, bu işe zenanlary işjeň çekmek möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.
Daşky gurşawy goramak ulgamynda Türkmenistan halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde sebit üçin aýratyn ähmiýetini göz öňünde tutup, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýär. Mälim bolşy ýaly, şundan ugur alyp, ýurdumyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak başlangyjyny öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça ÝHHG-niň forumyny geçirmek teklibi öňe sürüldi.
Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna wekilçilik edýän duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hem-de geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda taryhy-medeni gatnaşyklaryň, Merkezi Aziýa döwletlerini, sebiti ösdürmek we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen gatnaşyklar babatda dürli ugurlar boýunça pikirleriňdir garaýyşlaryň meňzeşdigi, onuň islendik meseläni bilelikde üstünlikli çözmäge ýardam edýändigi bellenildi.


şu gün 18:04
1.4k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

şu gün 17:31
548

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......