Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen tanyşdy

  • 04.03.2024 23:59
  • 6.2k+

4-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri hem-de obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda şu ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen,
welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak  işleri dowam edýär.

Şu ýylyň  hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri tekizlemek hem-de tekizleýiş işleri geçirilen meýdanlarda geriş we çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak ähli tehnikalary we gurallary, pagtaçy babadaýhanlar üçin ýokary hilli  gowaça tohumlary möwsüme doly taýýar etmek boýunça degişli işleri ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen häzirki wagtda welaýatlarda ýazlyk ekinleriniň ekişi dowam edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly we bökdençsiz geçirilmeginiň, ekiş we ideg işlerinde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň möwsüme doly taýýar edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler babatda degişli görkezmeleri berdi.  


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......