Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň wekilleri Aşgabatda duşuşyk geçirerler

  • 27.02.2024 19:32
  • 7.9k+

26-njy fewralda Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçiren duşuşyklarynyň barşynda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taslama gatnaşyjy 5 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň gün tertibini ylalaşmak meselelerine hem garaldy. Bu barada ORIENT agentligi Owganystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berdi.
“Lapis-Lazuli” – bu Türkiýäniň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky üstaşyr ulag taslamasydyr. Bu ulag geçelgesi baradaky ylalaşyga 2017-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäklerinde gol çekildi. Bu ylalaşyk söwda geçelgesini emele getirmek üçin demir ýol, awtomobil, deňiz ýollaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýar.
“Lapis-Lazuli” geçelgesi Owganystanyň Hyrat sebitinden Aşgabadyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Hazar deňzi arkaly Baku portuna, ondan aňry Tbilisiden Poti we Batumi portlaryna, Ankaradan hem Stambula uzaýar. Şeýle söwda-ulag taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystan üçin Ýewropa bilen söwda etmegiň iň gysga, arzan we ygtybarly ulag ugruny döredýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......