2024-nji ýylyň tomsunda Hazar deňzi boýunça ilkinji deňizde syýahat ýola goýlar

  • 20.01.2024 22:52
  • 20k+

“Welikiý Wolžskiý put” taslamasynyň çäginde şu tomus Hazar deňziniň boýundaky ilkinji ugur açylar, bu birbada Hazar döwletleriniň ählisine - Azerbaýjana, Eýrana, Gazagystana, Türkmenistana we Russiýa baryp görmegi öz içine alýar. Bu barada Kazinform Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady Ösüş ministrligine salgylanyp habar berýär.

Ministriň orunbasary Dmitriý Wolwaçyň sözlerine görä, häzirki wagtda Astrahanyň “Lotos” gämi abatlaýyş kärhanasynyň çäginde rus we daşary ýurtly syýahatçylaryň Hazar deňzine gezelenje çykyp biljek “Pýotr Welikiý” kruiz gämisiniň gurluşygy dowam edýär.
“Pýotr Welikiý” gämisindäki ýolagçylaryň restoranlara, spa-salonlara, sport zallaryna, howza we sauna girip biljekdigi bellendi. Umuman, “ýüzýän myhmanhanada” 310 orunlyk 155 kaýuta bolar. Ekipažyň agzalary bilen birlikde, 90 işgär syýahatçylara hyzmat eder.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......