Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 18.12.2023 23:37
  • 12k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegini, şeýle hem ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suw bilen üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek hem-de bu baýramyň bellenilýän günlerinde welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, welaýatlardaky edara-kärhanalarda işgärleriň aýlyk zähmet haklaryny tölemek ugrunda zerur işler geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, gowaça meýdanlarynyň geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýar edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Geljek ýylda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär.
Şunuň bilen birlikde, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak hem-de olary talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň ekişe talabalaýyk taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......