Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

  • 05.12.2023 10:40
  • 5.9k+

4-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri geçirilýär.
Şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatlarda guraljak dabaralara taýýarlyk görlüşi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy häkimlere tabşyrdy.
Soňra wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri dowam edýär. Möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak, ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek boýunça işler dowam edýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......