Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy bilen gyzyklandy

  • 20.11.2023 22:24
  • 10k+

Şu gün, 20-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda meýdanlardaky pagta  hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we ony pagta arassalaýjy kärhanalarynda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli  işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri geçirilýär.
Welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp,  häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we  agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna  ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda  geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 16:07
1.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......