Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly maslahat geçirdi

  • 13.11.2023 23:03
  • 7.6k+

Şu gün, 13-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýerlerde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta  hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalyp alnan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarynda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatlarda mallaryň baş sanyny artdyrmak, gyş möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen, mallaryň gyşladyljak ýerleri abatlanylyp, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlary döredilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp,  dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......