Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

  • 05.11.2023 00:59
  • 21k+

4-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli sebitlerini gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

Bu möhüm ekologiýa çäresi Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary guramaçylyk derejesine beslendi.
Şu gezekki ählihalk bag ekmek çäresinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň 472 müň 71 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleriň we döredilen tokaý zolaklarynyň çäklerini arassalamak we abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde jemi 1 million 868 müň 935 düýp baglara ideg edildi.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......