Türkmenistanda geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekildi

  • 02.11.2023 21:12
  • 6.4k+

Türkmenistanda geljek ýylyň hasyly üçin jemi 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirilip, bu ugurda bellenen meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýew penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda  alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, pagta kabul ediş harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryna ibermek, çig mal öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy hem-de Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......