Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

  • 02.11.2023 14:30
  • 5.2k+

1-nji noýabrda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdy.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanda bolmagynyň dowamynda iri medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarydyr düzümleri bilen tanyşdylar.
Şeýle-de myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler we bu ýerde diňe bir ýurdumyzda däl, onuň çäklerinden has alyslarda-da uly meşhurlyga eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Şu gezekki çäreleriň çäklerinde “Berkarar” işewürlik merkezinde “Daewoo Engineering & Construction Co.Ltd” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylyş dabarasy boldy.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan konserti geçirildi.
Şu gezekki çäräniň gün tertibine syýasy-diplomatik ugur boýunça, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamda alty ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy girizildi. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi türkmen döwletine goýulýan hormatyň nyşanydyr, onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly goşandynyň ykrarnamasydyr. Şol bir wagtda, munuň özi bu formata gatnaşyjylaryň öňde durýan maksatlara ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklaýar.
Forumyň çäklerinde “Ýyldyz” myhmanhanasynyň eýwanynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlarynyň sergisi guraldy.

Çykyşlarda altytaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna seljerme berildi, hyzmatdaş ýurtlaryň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine çemeleşmeleri we garaýyşlary beýan edildi. Myhmanlaryň pikirine görä, şu gezekki duşuşygyň jemleri döwletara hyzmatdaşlyga täze kuwwat berer, onuň ugurlarynyň giňeldilmegine, döwlet düzümleriniň we işewürler bileleşikleriniň, şol sanda ýaş telekeçileriň arasynda netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri Merkezi Aziýa sebitini tehnologik hem-de işgärler alyşmalaryny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy koreý tejribesini dürli ulgamlarda ulanmak arkaly Merkezi Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, geljekki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Forum ýurdumyzyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet ministrliklerinde, Obasenagat toplumynda, “Türkmendemirýollary” we “Türkmenaragatnaşyk” agentliklerinde aýry-aýry bölümlerde dowam etdi. Soňra ulag we logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, bilim we ylym, syýahatçylyk boýunça geçirilen kiçi mejlisleriň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň bu ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerine garaldy, anyk teklipler öňe sürüldi.
Forumyň jemleri boýunça daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle formatdaky forumyň indiki mejlisini geljek ýylda Koreýa Respublikasynda geçirmek meýilleşdirildi.


şu gün 08:12
99

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

şu gün 07:36
151

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......

düýn 22:49
985

Türkmen wekiliýeti Barselonada BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 15:24
7.5k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......