Serdar Berdimuhamedow sebitlerde işleriň barşy bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

  • 24.10.2023 09:01
  • 8.6k+

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler. Nygtalyşy ýaly, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmagy öz wagtynda tamamlamak, kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler geçirilýär.

Welaýatlaryň bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, welaýatlarda Türkmen alabaýynyň baýramyna görülýän taýýarlyk hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmegi, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamagy, ideg işlerini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ilatymyzyň ýylylyk, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilişini, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň we binalaryň açylyş dabaralarynyň, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......