Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Prezidentini gutladylar

  • 18.10.2023 07:43
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

«Azerbaýjan Respublikasy durmuş-ykdysady ulgamda täze sepgitlere ýetdi, şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak ýolunda ynamly öňe barýar. Biz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin» diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň Gutlayngda bellenilýär.
«Siziň baştutanlygyňyzda Azerbaýjan Respublikasy jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýokary üstünlikleri gazandy. Dürli ugurlar boýunça ýola goýlan özara bähbitli türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Biziň gatnaşyklarymyzyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda bellenilýär.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......