Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 17.10.2023 12:05
  • 9.4k+

16-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak, şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şaly ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnamak işi hem guramaçylykly alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişiniň we ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkimlere tabşyrdy.
Soňra obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalan hasyly harmanhanalarda bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler dowam edýär.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi geçirilýär, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi we bugdaý ekişiniň öz wagtynda tamamlanylmagyny, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleriniň depginleriniň has-da güýçlendirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......