Üç Prezident Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana Russiýanyň gazyny ibermeklige badalga berer

  • 07.10.2023 10:33
  • 16k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň lideri Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen gepleşiklerden soň, 7-nji oktýabrda Özbegistana Gazagystanyň üstaşyr Russiýanyň gazyny iberip başlamak dabarasy geçiriler.

Dabara Putin, Mirziýoýew we Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew gatnaşar.
Putin: "Bu agzalan ulag ulgamlary açylany bäri onuň taryhynda ilkinji gezek bolup geçýär. Russiýada çykarylýan we asly rus gazy hiç haçan Russiýadan Orta Aziýa iberilmändi" - diýdi.

Ol taraplaryň üpjünçilige gysga wagtda başlamaga razy bolandyklaryny we olar üçin amatly şertleriň döredilendigini sözüniň üstüne goşdy.

"Biziň gazymyz Özbegistana Gazagystanyň üsti bilen iberiler. Ýangyjyň bir bölegi Gazagystana hem berler" – diýip, Russiýanyň Prezidenti belledi.

Russiýanyň Energetika ministri Nikolaý Şulginow: "Gazagystan hem gazyň bir bölegini, hem üstaşyr tölegleri alar. Bu taslama hemmeleri kanagatlandyrar" - diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Şulginowyň sözlerine görä, Özbegistana we Gazagystana rus gazynyň iberilmegi bu ýurtlaryň energiýa howpsuzlygyny üpjün eder.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....