Serdar Berdimuhamedow «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy

  • 20.09.2023 07:15
  • 16k+

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. 

Bu birinji Prezident sammiti meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny üpjün etmek maksady bilen, dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy. 
2022-nji ýylda resmi amallary ýola goýmak, umumy ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we ilerletmek, gatnaşyjy hökümetleriň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak hem-de ýokary derejedäki ministrler duşuşyklaryny we beýleki çäreleri meýilleşdirmek üçin “C5+1”-iň Sekretariaty döredildi. Häzirki wagtda “C5+1” Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işi dowam etdirýär. 
Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçýän şu gezekki iri diplomatik çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli wakadyr. 
Sammitiň gün tertibine ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, şeýle hem häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän esasy halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......