Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 12.09.2023 08:15
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen häkimler welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar, bugdaý öndürijiler ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär.
Şeýle hem häkimler, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi hem-de şu ýylda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi. Daşoguz welaýatynda bolsa, ýygyma başlamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, wise-premýer Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleriniň dowam edýändigini habar berdi.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygyndaky bu möhüm möwsümi üstünlikli geçirmek üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen ýeterlik derejede üpjün edilmelidigini, şeýle hem güýzlük ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......