Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler boýunça häkimler bilen maslahatyny geçirdi

  • 04.09.2023 23:56
  • 17k+

Şu gün, 4-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işlere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlaryň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary we pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem 9-njy sentýabrda Ahal welaýatynda pagta ýygymyna başlamaga degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Welaýatlaryň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkimler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we beýleki maksatly binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri, şeýle hem bu baýram mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler barada hasabat berdiler.
Daşoguz welaýatynda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine, 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 6-njy sentýabrynda bugdaý ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam etdirilýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......