Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşyny maslahatlaşdy

  • 01.08.2023 09:48
  • 10k+

31-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi.

Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri hem-de wise-premýer dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler daýhanlar tarapyndan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär, bu ugurda oba hojalyk tehnikalary, gurallary doly güýjünde işledilýär. Şeýle hem welaýatlardaky pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri dowam edýär.
Welaýatlarda güýzlük ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň bellenen talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli, talabalaýyk geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerini, hususan-da, gowaça meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, güýzlük oba hojalyk ekinleriniň ekişi boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


11.06.2026 22:20
6.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....