Serdar Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlaryna täze häkimleri belledi

  • 14.07.2023 23:27
  • 58k+

2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Serdar Berdimuhamedow käbir welaýatlaryň häkimlerini wezipesinden boşatdy we täzelerini belledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine R.Hojagulyýew bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine H.Aşyrmyradow bellenilip, ol Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. 
Daşoguz welaýtanynyň häkimi wezipesine S.Soltanmyradow bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi  wezipesinden boşadyldy.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Mary welaýatynyň häkimi wezipesine B.Orazow bellenildi.
Döwlet Baştutany degişli resminamalara gol çekip, täze ýolbaşçylara işinde üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......