Serdar Berdimuhamedow sebitlerde alnyp barylýan işler barada häkimleriň hasabatyny diňledi

  • 27.06.2023 12:27
  • 15k+

26-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Maslahatyň barşynda wise-premýer hem-de welaýat häkimleri ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, sebitlerde galla oragy möwsümi dowam edýär. Bu işlerde ähli degişli düzümler sazlaşykly işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Welaýatlarda ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, şu günler ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.
Şeýle hem Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli hem-de möhüm möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi we orak möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz, sazlaşykly işledilmegini, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmegini, gowaça idegiň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow Serdar Berdimuhamedowy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle-de Gurban baýramy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan gutlady.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......