Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaýa oba hojalyk önümleriniň eksportyny 42% artdyrdy

  • 24.05.2023 22:23
  • 7.4k+

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) arasyndaky söwda ýanwar-aprel aýlarynda 37,3% ýokarlandy. Muny Hytaýyň Baş Gümrük müdirligi mälim etdi.

Hytaýyň importynyň umumy mukdaryň  55%-ini energiýa önümleri  — tebigy gaz, çig nebit, kömür tutýar. Import segmentinde metal gazylyp alynýan peýdaly magdanlar 13,7% ösdi.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ýokary hilli oba hojalyk önümleri 42,9% ýokarlanyp, Hytaý bazaryna çalt depginde hereket edýär.
Hytaýyň eksporty segmentinde mehaniki elektrik önümleri we köp zähmet talap edýän harytlar has-da ösdi. Maşyn gurluşyk we elektrik önümleriniň göwrümi 68,3% ýokarlandy we Hytaýyň eksportynyň 45,2%-ini emele getirdi. Hytaý egin-eşikleriniň we dokma önümleriniň eksporty hem 75,2% ýokarlandy.
Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen söwdany ösdürmek maksady bilen, Hytaýyň gümrük gullugy ýolagçy we ýük gatnawynyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň goldaw bermek, bir bitewi söwda ulgamyny ösdürmek we ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegini gazanmagy maksat edinýär. Hytaý Merkezi Aziýadan oba hojalyk we azyk önümleriniň getirilişini artdyrmak, ony gümrük taýdan resmileşdirmek işinde "ýaşyl geçelgäni" giňeltmek isleýändigini mälim etdi diýip, Sinhua habar berýär.


şu gün 23:05
244

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

şu gün 16:45
685

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......