3-4-nji maýda Aşgabatda soňky bir ýylda iň güýçli ýagyş ýagdy

  • 04.05.2023 15:01
  • 28k+

3-4-nji maýda Aşgabatda 21 mm çenli ygal düşdi, şol sanda 3-inden 4-ine geçilýän gije 16 mm çenli ygal düşdi. 3-nji maýda ýyldyrymlar çakdy. Bu soňky bir ýylda ygalyň iň güýçli düşmesi boldy. Soňky gezek bu hili ýagdaý 2022-nji ýylyň maýynda bolup geçdi diýip, meteojurnal.ru habar berýär.

Howanyň çyglylygy gyşdan bäri ilkinji gezek 97%-e ýetdi, howanyň gijeki temperaturasy bolsa +14 gradusa düşdi.
Ýagyşlar Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde hem — Balkan, Ahal we Mary welaýatlarynda hem ýagdy. Bäherdende bir günde 12 mm, Gyzylarbatda 4 mm, Gazanjykda 5 mm ygal düşdi.
Ýerbentde hem güýçli ýagyş ýagdy. 12 sagatda bu ýerde 20 mm ygal düşdi. Bu bir aýlyk kadadan artykdyr.


düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......