Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

  • 18.04.2023 10:55
  • 19k+

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda welaýat häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi ugrunda degişli çäreler görülýär.
Welaýatlarda ýeralma, sogana, beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg edilýär. Şeýle-de häkimler şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri barada hasabat berdiler.
Şeýle hem wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we olaryň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi, howanyň maýlamagy bilen baglylykda, ekin we öri meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......