Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garady

  • 12.04.2023 10:35
  • 28k+

11-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garady. Iş maslahatyna obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri ýerlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja, beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmek, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň alnyp barylýandygyny hem habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi, bugdaýa edilýän ideg işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, hususan-da, ösüş suwlaryny tutmak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......