Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 04.04.2023 07:03
  • 12k+

3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara, zyýan berijilere garşy göreş işleri geçirilýär. Gowaça ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Ýazlyk ýeralma, sogana hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar, pile öndürijilere ýüpek gurçuklary paýlanyp berlip, häzirki wagtda olara ideg işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkimler Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.


şu gün 07:51
408

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
877

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......