Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

  • 27.03.2023 22:55
  • 16k+

Şu gün, 27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylar bilen oba hojalyk toplumynda hem-de  ýurdumyzyň welaýatlarynda  alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly  meseleleri maslahatlaşdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyna obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.
Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri häzirki wagtda ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň  barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem welaýatlarda  gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, gowaça ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek, şeýle hem bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine talabalaýyk ideg etmek hem-de pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......