Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

  • 14.03.2023 11:27
  • 13k+

13-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek we geriş çekmek işleri dowam edýär, bugdaýa, ýeralma we sogana ideg etmek işleri geçirilýär. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, Milli bahar baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri we ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we welaýatlarda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda we binalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Maslahatyň barşynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy we pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işleriniň, ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......