Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi

  • 28.02.2023 07:36
  • 13k+

27-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahata obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ekin meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görülýär.
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, häkimlere degişli görkezmeleri berdi.
Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......