Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen oba hojalyk işleriniň gidişini maslahatlaşdy

  • 20.02.2023 22:55
  • 14k+

20-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumy boýunça wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdiler.
Şeýle hem häkimler ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda  meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 
Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar, birinji gezek mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ikinji ösüş suwyny tutmak işleri dowam edýär.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň tejribeli hünärmenleri hem-de alymlary ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna ýardam hem-de maslahatlary bermek üçin yzygiderli iş saparlarynda bolýarlar.    
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly  geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......