Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 10.01.2023 08:36
  • 17k+

9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaýa edilýän ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalardyr gurallar abatlanylýar.
Ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işi dowam edýär, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......