Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ilkinji iş maslahatyny geçirdi

  • 03.01.2023 22:14
  • 30k+

3-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda oba hojalyk toplumyndaky hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda welaýat häkimleri häzirki wagtda ýerlerde alnyp barylýan  oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem kabul edilen Maksatnamalara laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi  barada hasabat berdiler.
Şeýle hem häkimler welaýatlarda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän zerur çäreler barada habar berdiler.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.   
Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumy boýunça wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlary sürmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine hem-de şu günki günüň wajyp meseleleriniň biri bolan kärendeçiligi ösdürmäge jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......