Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň ýurtlarynyň DIM ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

  • 25.12.2022 22:04
  • 4.8k+

24-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 9-njy Mejlisi geçirildi. Onuň işine Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, bu ýurduň ilçileri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary mejlisde gezekli-gezegine söz sözlediler.
Dialogyň çäklerinde taraplar bilelikdäki hyzmatdaşlyk meselelerini we Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşini maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, gün tertibine halkara meseleler, şol sanda Ukrainadaky we Owganystandaky ýagdaýlar girizildi.

Mejlis tamamlanandan soň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň metbugat maslahaty geçirildi.
Belläp geçsek, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogy sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin  2004-nji ýylda döredildi.


şu gün 23:05
244

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

şu gün 16:45
685

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......