Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 19.12.2022 23:59
  • 20k+

19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ýerlerde alnyp barylýan  oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişi,  şeýle hem Täze ýyl baýramyna taýýarlyk  görlüşi barada hasabat berdiler.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada habar berdi. 
Şunuň bilen bir hatarda wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzyň Balkan we Mary welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almagyň dowam edýändigini, ýurdumyzyň suw howdanlaryna suw toplamak işleriniň bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyny habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyndaky wezipelere ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.  
Döwlet Baştutany geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, şeýle hem welaýatlarda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany welaýatlarda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny talabalaýyk geçirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.      
Mundan başga-da, welaýat häkimlerine ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......