Türkmenistanda Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

  • 16.12.2022 09:49
  • 32k+

15-nji dekabrda Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy.

Esasy dabaralar paýtagtymyzda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdançada ýaýbaňlandyryldy.
Çürbaşy “2023” belgili sekizburçly ýyldyz bilen jemlenýän Baş arçanyň beýikligi 43 metre deňdir. Köp dürli oýnawaçlardan we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşlerinden bezegi ýeten bu ajaýyp arçanyň ýerleşýän ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň owadan we özüne çekiji gözel ýerleriň birine öwrüler.
Bu ýere jemlenen çagalaryň islegi we Aýazbabanyň jadyly taýagynyň täsiri bilen owadan arçanyň yşyklarynyň nur saçmagy Täze ýyl baýramçylygynyň şatlykly pursatlarynyň esasy wakasyna öwrüldi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan çagalar ýatdan çykmajak wakadan ýadygärlik sowgatlary aldylar.
Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar.


düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......