Raşid Meredow Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň daşary işler ministrleri bilen duşuşdy

  • 14.12.2022 12:27
  • 14k+

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary üç döwletiň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşy, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Birinji sammite biziň döwletlerimiz ýeterlik derejedäki hyzmatdaşlygyň tejribesi bilen geldiler. Häzirki wagtda taraplar dürli derejedäki ýygjam gatnaşyklaryň netijesinde gepleşikleri hil taýdan täze, döwrüň anyk ýagdaýlary bilen şertlendirilen derejä çykarmagyň zerurlygyndan ugur alyp, öz gatnaşyklaryny milli hem-de umumy bähbitleriň sazlaşmagynda ýol goýýarlar.
Şunda syýasy-diplomatik gurallarynyň ulanylmagyna möhüm orun berilýär. Şol gurallary duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, işjeňleşdirip hem-de güýçlendirip, duşuşyklara ulgamlaýyn häsiýet bermelidir.
Şunuň bilen baglylykda, üç ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek barada birnäçe netijeli teklipler beýan edildi. Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hem-de ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.


düýn 19:38
4.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......