13-nji dekabrda Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana sapary başlanýar

  • 13.12.2022 07:43
  • 25k+

2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada duşenbe güni agşam türk Lideriniň resmi saýtynda habar berildi.

«Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 14-nji dekabrda, çarşenbe güni Awazada Prezident Ilham Aliýewiň, şeýle hem Türkiýäniň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriljek sammitde üç dostlukly hem doganlyk ýurduň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak, hususan-da, söwda, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur bolan ädimler maslahatlaşylar» - diýlip habarda aýdylýar.
«Sammitiň barşynda ýokarda agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitjek dürli ylalaşyklara gol çekiler» - diýlip metbugat beýanatynda aýdylýar.

Sammitiň çäklerinde şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar diýip, türk Prezidentiniň metbugat gullugy ýazýar.
Öň Ärdogan öz ýurdunyň çäginde gaz habyny döretmek meselesini Awazada sammitde maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini belledi.


düýn 17:39
1.3k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......