2023-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna Gazagystan başlyklyk eder

  • 11.12.2022 13:36
  • 16k+

10-njy dekabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlediler, şeýle hem Dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň baştutany hanym Natalýa German, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakiýan çykyş etdi.
Forumyň dabaraly bölümi tamamlanan soň plenar mejlisler boldy. Olaryň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň guramalarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijelerine we hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalaryna garaldy.
Umumy mejlisiň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň başlygynyň orunbasary Balaim Kesebaýewa Dialogyň parahatçylyk döredijilikli işiniň ähmiýetini belledi. Häzirki döwürde zenanlaryň tagallasy aýratyn zerurdyr diýip, myhman belledi we Dialoga gatnaşyjylary BMG-niň düzümleri bilen tagallalary utgaşdyrmaga çagyrdy.
Öz gezeginde Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toparynyň başlygynyň orunbasary Jamiliýa Isaýewa Dialogyň işiniň zenanlaryň telekeçilik ukybyny ösdürmekde, oba ýerlerinde ýaşaýan zenanlaryň meseleleri bilen baglanyşykly çözgütleri kabul etmekde aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.
Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgalalaryň işi boýunça komitetiň başlygy Hilolbi Kurbanzoda mejlise gatnaşyjylary kanunçylyk we düzümleýin esaslary döretmek hem-de berkitmek we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly gender deňeçerligini üpjün etmek boýunça ýurtda alnyp barylýan işler we milli tejribe bilen tanyşdyrdy.
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa şu ýylda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň we geçirlen çäreleriň ähmiýeti barada aýtdy. Bellenlişi ýaly, şu döwürde 19 çäre geçirildi, olaryň üçüsi Özbegistanda şol sanda keşdeçilik sungatyna bagyşlanan festiwal geçirildi.
Mejlisiň ahyrynda jemleýji resminama kabul edildi.
Şeýle hem bu düzüme geljek ýylda başlyklyk etmek hukugy Gazagystan Respublikasyna geçirildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň mejlisine gatnaşyjylar Aşgabatda bolmaklarynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirerler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna gatnaşyjylar 12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......