Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti geçirilýär

  • 11.11.2022 12:23
  • 10k+

Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) sammiti geçirilýär.

Ýokary derejeli sammite Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar.
TDG sammitiniň temasy hökmünde «Türki medeniýetiň täze eýýamy: umumy ösüşe we abadançylyga tarap ugur» yglan edildi. Duşuşygyň barşynda gurama agza döwletler bilen oňa synçy döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem halkara gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Sammitiň netijeleri boýunça guramada başlyklyk Özbegistandan Türkiýä geçer, şeýle hem Samarkant Jarnamasy kabul ediler.
Sammitiň dowamynda şeýle hem söwda ýarda etmek strategiýasynyň tassyklanylmagyna we başlangyç maýasy 500 mln dollar bolan maýa goýum gaznasyny döretmek hakynda kararyň kabul edilmegine garaşylýar.


düýn 23:05
636

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
768

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......