Türkmenistanda oba hojalyk işleriniň depgini we Hasyl toýuna taýýarlyk iş maslahatynyň esasy meseleleri boldy

  • 08.11.2022 07:02
  • 8.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji noýabrda oba hojalyk toplumyndaky işleriň barşy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini bilen baglanyşykly meseleler boýunça sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, aýratyn-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, Hasyl toýuny dabaraly belläp geçmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany bugdaý ekişi baradaky meselä ünsi çekip, ekişiň agrotehniki möhletlerde tamamlanmalydygyny hem-de onda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmelidigini belledi we anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem Hasyl toýunyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.
Maslahatyň barşynda wise-premýer A.Ýazmyradowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bugdaý ekişinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, gögeriş we ösüş suwy tutulýar. Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de wise-premýer şu günler ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň dowam edýändigini, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalýandygyny habar berdi. Mundan başga-da, Hasyl toýy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......