Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 19.09.2022 23:48
  • 12k+

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde pagta ýygymynyň depginleri, gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri barada hasabat berdiler. Şeýle-de güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen bol hasylyny öz wagtynda ýygnamak boýunça degişli işler alnyp barylýandygy habar berildi. Mundan başga-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň hem-de şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabatlar diňlenildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda ekinlerden bol hasyl ösdürip ýetişdirmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek we bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan maslahat geçirilip, onda öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýdyldy.    
Şeýle-de wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynyň uzak ýaýlalarynda ekilýän ekinleri medeni zolaklara geçirmek, şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň geljekki bol hasylyň, azyk bolçulygynyň berkidilmeginiň  girewidigini, dokma senagaty üçin zerur bolan çig mal bilen üpjünçiligiň pugta binýadydygyny belläp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň depginleriniň güýçlendirilmelidigine ünsi çekdi. 


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......