Häkimler bilen iş maslahaty: ýerlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi

  • 13.09.2022 08:42
  • 9.2k+

12-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Ilki bilen, welaýatlarda pagta ýygymynyň alnyp barlyşy, Daşoguz welaýatynda ýygyma taýýarlyk görlüşi, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, hasyly ýygnap almak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň geçirilişi barada häkimleriň hasabatlary diňlenildi. Mundan başga-da, Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, bu sene mynasybetli ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzda pagta ýygymynyň dowam edýändigini, şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda-da bu jogapkärli möwsüme başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Şu günler welaýatlarda bugdaý ekişiniň dowam edýändigi barada hem hasabat berildi.
Döwlet Baştutany öňde jogapkärli wezipeleriň durýandygyny aýdyp, Bitarap Watanymyzyň ýyl ýazgysyndaky şöhratly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezident öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......