Serdar Berdimuhamedow dynç alyşdan soň häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 30.08.2022 10:01
  • 23k+

29-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy.

Iş maslahatynda, ilki bilen, häkimler welaýatlardada işleriň ýagdaýy, 2-nji sentýabrdaky bugdaý ekişine başlamaga taýýarlyk görlüşi, hususan-da, ýerleri ekişe taýýarlamak, ekişi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin alnyp barylýan işler, zerur tohumlaryň, tehnikalaryň we gurallaryň, mineral dökünleriň  ekişe taýýarlanylyşy barada hasabat berdiler. Şunuň bilen baglylykda, pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, hususan-da, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlanylyşy barada aýdyldy.
Hasabatlarda sentýabr aýynda welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy, täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hem durlup geçildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän oba hojalyk ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow öňde jogapkärli wezipeleriň durýandygyny aýdyp, wise-premýeriň ünsüni Watanymyzyň ýyl ýazgysyndaky şöhratly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygyna çekdi. Şanly senä zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzyň asylly däbidir. Şu maksat bilen, edermen gallaçylarymyz we pagtaçylarymyz şu günler tutanýerli zähmet çekýärler. Şoňa görä-de, bugdaý ekişine girişmek we gowaça ideg etmek hem-de bereketli hasyl almak möhüm talap bolup durýar.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......