Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (28-nji bölüm)

  • 03.06.2022 16:36
  • 9.5k+
Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (28-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Hakyky Baýlygyň bäşinji syry — ýörite bilimiň güýji.

1. Ýörite bilimi bolmadyk hiç bir adam ullakan baýlyga ýetip bilmez. Onuň salgyt hukuklary barada, öz edýän işi barada, müşderileri barada we beýlekiler barada hökman bilimi bolmalydyr.
2. Haçan-da, ýörite bilim yzygiderli ýöredilende hemem öňüňde goýan maksadyň üçin akylly-başly ulanylanda güýje öwrülýär.
3. Size dünýäniň ähli zadyny bilmek hökman däl, ýöne özüňize nämäniň gerekdigini hemem ony nähili edip edinmelidigini hökman bilmelisiňiz.

Altynjy syr
ERJELLIGIŇ GÜÝJI

Ýaş ýigide sanawdaky altynjy adam bilen duşuşmak indiki dynç alyş güni miýesser etdi. Stýuart Ijli ady belli artistdi. Ol ýurduň beýleki tarapynda işlese-de, dynç günleri Londona gaýdardy. Ol ýaş ýigidiň çakylygyny alandan soň, onuň bilen şenbe güni irden merkezdäki çaýhanalaryň birinde duşuşmaga razylaşdy.
Meşhur adam bilen duşuşmak pikiri ýaş ýigidi howsala saldy, ýöne duşuşyk ýerine gelende, daş keşbi özüne çekip duran örän sypaýy adama gözi düşdi. Jenap Ijli ýaş ýigit bilen edil köne tanşy ýaly salamlaşdy.
Jenap Ijliniň ýaşy kyrkdan geçenem bolsa, otuz ýaşly ýigit ýaly görünýärdi. Onuň ýaldyrap duran gara saçlary bolup, altyn çarçuwaly äýnegi çaganyňky ýaly gözlerini ýapýardy. Egninde golf oýnundaky ýaly goňur keltekçesi hemem gök jins balagy bardy.
— Diýmek, geçen hepde garry hytaýly bilen duşuşypsyňyz-da? — diýip, ol ýaş ýigitden sorady.
— Hawa — diýip, ýaş ýigit  jogap berdi-de, bolan zatlary gürrüň berdi.
— Men onuň bilen on iki ýyl gowrak mundan ozal edil şu çaýhanada duşuşdym — diýip, jenap Ijli aýtdy. — Şol ýeke-täk duşuşyk tutuş durmuşymy, derejämi üýtgetdi.
— Nähili ýol bilen? — diýip, ýaş ýigit sorag berdi.
— Men ol wagt gaty sustupes ýagdaýdadym. Işsizdim, şo sebäpli güzeranymy aýlamak üçin şu ýerde günlükçi bolup işleýärdim. Günlerde bir gün bärik kiçijik boýly garry hytaýly geldi-de, edil biziň şu wagtky oturan ýerimizde oturdy. Bu günorta arakesmeden soň — günüň iň asuda wagtydy. Men onuň bilen salamlaşdym, onsoň bahym biz gürleşip ugradyk.
Men oňa iş tapman ýören artistdigimi aýdyp, aktýorlyk hünäriň meseleleri barada gürrüň berdim. Oýnamaly keşbiň azdygyny, oňa bolsa gaty kän adamyň göz dikýändigini, mundan başga-da, puluň az tölenýändigini, artistleriň togsan göteriminiň işsiz galýandygyny hemem güzeranyny aýlamak üçin başga işlerde işlemeli bolýandyklaryny aýtdym.
Şonda garry şeýle diýdi:
«Sen ýagdaýyň gowulaşýança gol gowşuryp oturyp bilmersiň. Ony özüň gowlamaly bolarsyň».
Men özümi aklamak üçin örän köp kino düşürlişigine gatnaşandygymy, ýöne hiç hili keşp alyp bilmändigimi aýtdym. Şonda garry naharyndan ünsüni sowdy-da, şeýle diýdi:
«Beýle bolsa sen daş ýonujy ýaly hereket etmeli bolarsyň».
Men ondan beý diýmek bilen näme diýmekçi bolýandygyny soradym, şonda garry şeýle diýdi:
«Daş ýonujy daşy urýar, ýöne daş sarsanok. Ýöne ol işini erjellik bilen dowam etse, ahyry bir gün daş döwüler. Daşy döwmek üçin ýekeje gezek uranyň ýeterlik däl, ony gaty kän urmaly. Eger üstünlige ýetjek bolsaň — diýip, ol gürrüňini dowam etdi, — tä daş döwülýänçä erjellik bilen urmaly bolarsyň».
«Siz näme, tä keşp alýançam olaryň ýanyna gatnanymy isleýäňizmi?» diýip, men sorag berdim.
«Elbetde — diýip, ol tassyklady. — Maksadyna ýetip bilýän we ýetip bilmeýän adamyň aratapawudy zehininde däl-de, erjelliginde. Beýleki adamlar ýeňlişe sezewar bolsalaram, tutanýerli adamlar üstünlige ýetýändir».
Soňra ol maňa kino ýyldyzlarynyň birnäçesiniň adyny agzady — Silwestr Stallone, Klint Iswuld, Sina Konneri — bularyň bary başda ýüz öwrülen adamlar. Ol Silwestr Stallonyň şol wagtlar abraýynyň pes bolandygyny, şonuň üçinem oňa özüni hödürlär ýaly adamy tapmagyň kyn bolandygyny gürrüň berdi. Ahyry-soňy, ol özi üçin ssenariý ýazmagy ýüregine düwýär. Ol ýazan zadyny kino hemaýatçylaryna ugradýar, ýöne olar ony yzyna gaýtarýar. Ýöne bu ony saklanok, tä haýsydyr bir kompaniýa kino düşürmäge razylyk berýänçä, ol erjellik bilen adam gözleýär. Ahyry olar muny bir şert bilen kabul edýär... baş keşpde başga biri oýnamaly. Şol wagtlar Stallone puldan gaty kösenýänem bolsa, yza tesmän, öz diýeninde durupdyr. Ahyry-soňy kompaniýa oňa «Roki» filmdäki baş keşbi bermäge razylyk berýär. Köp kinokompaniýalaryň ýüz öwren bu filmi iň gowy film hökmünde «Oskar» baýragyna eýe bolýar. Şonuň üçinem, görşüň ýaly, Silwestr Stallone öz üstünligine diňe bir zehini bilen däl-de, erjelligi bilenem borçludyr.
Garry hytaýlynyň aýdan sözleri meni ruhlandyrdy. Men erjelligiň möhümdigine düşünmeýän ekenim, hatda iň meşhur kino ýyldyzlaryndanam ýüz dönderlendigini bilmändirin. Ýöne soň görüp otursam, olardan diňe bir ýüz dönderilmän, hatda käbirleri bu zatlardan ejir baryny hem çeken eken. Soňra garry maňa Hakyky Baýlygyň syrlary barada gürrüň berdi.
— Siz bu barada näme pikir edýäňiz — diýip, ýaş ýigit sowal berdi.
— Ilki eşiden zatlaryma şübheli garadym — diýip, jenap Ijli aýtdy, — ýöne ýitirjek zadym ýokdy, şonuň üçinem olar barada köpräk bilmek hemem özüme nämäniň kömek edip biljekdiklerini bilesim geldi. Hut şol pursatdanam durmuşym üýtgäp ugrady. Men ullakan özgerişlikler barada aýdýan. Men jübim kör-köpüksiz çaýhanadaky adamlara hyzmat edýärdim, ýöne aradan bir ýyl geçmänkä ilkinji keşbimi alyp, bahasy çärýek millionlyk şertnama gol çekdim.
— Oýun edýäňizmi? — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Bu siziň üçin örän uly özgerişlik.
Jenap Ijli başyny atdy.
— Şol syrlaryň güýjem şunda. Garry hytaýla duşan wagtlarym, men eýýäm «artistlik işinden çörek iýerin» diýen tamamy üzüpdim. Göwnüme bolmasa, bu işde şöhrat gazanmak mümkin däl ýalydy. Men ýekeje keşbem ýerine ýetirmändim, meniň hatda ugrukdyryjy adamymam ýokdy. Sebäbi olaryň otuz sanysy menden boýun gaçyryp, käbirleri bolsa maňa başga iş gözlenmegi maslahat beripdi. Olar özümden talap edilýän zadyň mende ýokdugyny aýdýardylar. Ýöne men garry hytaýla duşdum-da, Hakyky Baýlygyň syrlaryna düşündim. 
Maňa ol syrlaryň bary diýen ýaly kömek etdi, ýöne häzir yzyma garaýan welin, meniň üçin ähli zatdan möhümi — erjelligiň güýjimikä diýýän.

(dowamy bar).


26.07.2022 19:46
18k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (41-nji bölüm, soňy)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

23.07.2022 23:43
11k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

20.07.2022 18:19
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...

16.07.2022 13:15
15k+

Adam Jekson, «Baýlygyň 10 syry» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Başlangyjy; 2-nji bölüm; 3-nji bölüm; 4-nji bölüm; 5-nji bölüm; 6-njy bölüm; 7-nji bölüm; 8-nji bölüm; 9-njy bölüm; 10-njy bölüm; 11-nji bölüm; 12-nji bölüm...