Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Başlangyjy;
- 2-nji bölüm;
- 3-nji bölüm;
- 4-nji bölüm;
- 5-nji bölüm;
- 6-njy bölüm;
- 7-nji bölüm;
- 8-nji bölüm;
- 9-njy bölüm;
- 10-njy bölüm;
- 11-nji bölüm;
- 12-nji bölüm;
- 13-nji bölüm;
- 14-nji bölüm;
- 15-nji bölüm;
- 16-njy bölüm;
- 17-nji bölüm;
- 18-nji bölüm;
- 19-njy bölüm;
- 20-nji bölüm;
- 21-nji bölüm;
- 22-nji bölüm;
- 23-nji bölüm;
- 24-nji bölüm
Hanym Hilliň aýdýan zatlary ýaş ýigidiň ýüregine jüňk boldy.
— Ýöne näçe adam öz işini halaýar — diýip, ol gyzyklandy.
— Örän az adam — diýip, hanym Hill jogap berdi. — Baýlar kän däl ahyry.
— Men siziň aýtjak bolýan zadyňyza düşündim — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Diýmek, işi saýlamazdan öň, şu aşakdaky zatlar barada gowuja oýlanmaly.
1. Başlan işiň ýüregiňden turýarmy?
2. Başarnygyňa laýyk gelýärmi?
3. Maksadyňa ýetmäge golaýlaşdyrarmy?
— Gaty dogry — diýip, hanym Hill ýylgyrdy.
— Hawa, meniň pikirimçe, munda many bar — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Bu barada heniz kollejde okaýarkam pikirlenmeli ekenim.
— Siz geçmişiňizi üýtgedip bilmersiňiz — diýip, hanym Hill aýtdy. — Ýöne geljegiňizi gurup bilersiňiz. Aýtsaňyzlaň, siz geljegiňizi üýtgetmek üçin näme etmekçi bolýaňyz?
— Bilemok — diýip. Ýaş ýigit jogap berdi. — Hut şonuň üçinem men bärde. Meniň pikirimçe, öz işime başlamak — bu, dogrudanam, isleýän zadymmykan diýýän.
— Gaty gowy. Beýle bolsa aýt, seniň ilkinji etmeli zadyň näme? — diýip, hanym Hill sorag berdi.
— Oýlanyşykly iş meýilnamasyny düzmek — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.
— Hut şeýle — diýip, hanym Hill begençli aýtdy. — Islendik iş üçin hökmany suratda oýlanyşykly iş meýilnamasy gerek. Eger nähilidir bir sebäp bilen başlajak işiňize karz pul gerek bolsa, onda maýadaryň ilkinji sorajak zady — şol işiň gutarnykly meýilnamasydyr. Ol siziň oýlanyşykly hereket edýänligiňize göz ýetirmek islär, sebäbi oýlanyşykly iş meýilnamasy bolmasa, örän az adamyň üstünlige ýetýänligini ol şu çaka çenli göre-göre gelýär.
Eger öz işiňizi ýola goýup, Hakyky Baýlyga ýetmek isleýän bolsaňyz, onda öňüňizde goýan meseläňiz barada gowuja pikirlenip, soňra bu barada meýilnamam düzüň.
Agşam ýaş ýigit eden ýazgylaryna täzeden göz aýlady:
Hakyky baýlygyň dördünji syry — oýlanyşykly iş meýilnamasynyň güýji.
1. Eger maksadyňyza ýetmäge ynamly bolmak isleýän bolsaňyz, onda oýlanyşykly iş meýilnamasyny düzüň.
2. Islendik meseläni çözmegiň altyn düzgüniniň bardygyny unutmaň — haçan-da, ähli mümkinçiligi ulanandyryn öýden çagyňyz, ýadyňyzda saklaň… bu beýle däl.
3. Eger bir zatda üstünlik gazanmak isleýän bolsaňyz, üç sany zady ediň — taýýarlykly boluň… taýýarlykly boluň… we taýýarlykly boluň.
4. Öňüňizdäki islendik maksada ýetmek üçin meýilnama düzüň hemem maksadyňyza eltjek on sany mümkinçiligi ýazyň.
5. Haýsydyr bir işe ýa-da hususy işiňize başlamazdan ozal, özüňize üç sany soragy beriň:
1. Bu iş köňül rahatlygyny berermi?
2. Bu ukyp-başarnygyma gabat gelýärmi?
3. Bu maksadyma ýetmäge golaýlaşdyrarmy?
(dowamy bar).